Surat

Çykalgasyz çykalga

Saparmyrat açgöz, ogry bolsa-da,
hemmelere bakmaýardy bir gözde,
öz gözünden görmeýärdi barçany,
bilýärdi ol, soraýardy maglumat,
ol edara häzir bolup durýardy,
hyzmatynda gybat toplap hemişe,
arassany tanaýardy, dilini
saklaýardy, sögmeýärdi her kesiň
ejesine, bajysyna, ikiçäk,
şaýat bolman, bir otagda galanda,
saýgarýardy sögdürmejek erkegi,
aýallary, mertbesin saklaýan,
eli, dili, ýüregi bar kimirsiz,
soň diýdiler ol adamlar galmady,
indi başlyk sylamaýar hiç kimi,
sebäbi ejesin gorajak, durjak,
öz işini bilýän, etjek düzüwli,
alynmaýar hiç bir işe, gutardy,
şeýdip ulus Aýyn, Günün batyrdy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026