Bagşy bagty
Sütem gören ene kän
sütem gören ata kän,
ýurt öwrülip zyndana,
çagalar kän hor-homsy,
gijeleri garaňky,
gündizi bolan görgi,
kemsidilen, kösenen,
ilki uzak dymsa-da,
soň ýarylýar ahyry,
döwlet ýa-da zalymlar,
ýesir alan milleti,
gyt etse-de çöregi,
ýok etse-de şahyry,
aý, ölen-laý diýdirmän,
galar diri bagşylar,
il içinde toý bolsa,
ölmez, ýitmez ýagşylar,
näçe uly gaý bolsa...