Ýapyk çölüň syry

Ýarag eden iş ýerini,
ýarag eden aýlyklary,
ýarag eden okuw jaýyn,
kanunlary ýarag eden,
ýarag eden metbugaty,
edebiýat, sungat bilen,
ýarag eden dini hatda,
ile garşy, ýüregine,
kellesine diräp günde,
döwlet, gedem, düşünmedi,
diýdi geplän öler diňe,
ýa sürgünde galar, bendi,
aklanmajak tussag bolup,
düşünmedi, ýetim çaga
köpeldikçe duşmany kän,
garyp bolan diýer aga,
dyza çöker diýýärdi han,
Saparmyrat nädip öldi,
hiç bilýän ýok, hem bilinýär,
bolýan zatlar ýapyk çölde?...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026