Täze nesil
Ogry-jümriň çagasy däl,
satyn alan wezipesin,
ady çykýan habarlarda,
senzuradan azat biraz,
täze nesil ýüzün açýar,
dilde boljak ýürekdäki,
iýen duzy halal, belki,
ikiýüzli ýaşamajak,
görýän haçan, näme boldy
susanlara bile-göre,
girenlere dymyp göre...
Täze nesil ýüzün açýar,
görýän ýurda näme boldy,
kim baýady, kimler tozdy,
aty çykdy kimiň günde,
haýsy çaman nädip ozdy,
şeýle bir kän bilýän muny,
şeýle bir kän görýän muny,
hatda gözün açmasa-da,
beýnide dur bary, ata,
eneleriň gören güni,
ýok, daşardan geljek, belli
dargatmaga tüsse, tümi...
Çykýar millet ýuwaş-ýuwaş
şükür, sabyr jadysyndan,
Alla diýip, iki ýüzli,
iki sözli ýaşanlara
näme boldy, näme bolar,
kimler kimiň hakyn alar,
bilýär olar, bilýär bular,
geregi ýok gaýtalamaň,
täze nesil ýüzün açýar,
tamasyny daňman tala...