Dirilik şerti
Gylyjyň tygynda ýöreýär olar,
bu göreşe sowuk ýaragly däl-de,
aýdym bilen, sazly gelen oglanlar,
bilýär olar itileni tirýege,
geroine, sowet döwri doglanlar,
pikir etmez ýaly edildi, ölýär
ýaşmagyny aýryp bilmän agzyndan,
gylyjyň tygynda ýöreýär olar,
bu göreşe sazly gelen oglanlar,
bilýär bary KGB-niň oýnuny,
tanaýarlar ýuristleri, diplomyn
satyn alan eje, kakasy bilen,
ele düşseň, ähli ýöňkelen günä
bir seniňki, döwletiňki däl asla,
puluň bolsa, malyň bolsa, kelläňi
satyn alyp, ýene biraz galarsyň,
almak üçin täze şarpyk döwletden,
bir bol zady, eçilmese bolmaýar,
gylyjyň tygynda ýöreýär olar,
gitaraly, sazly gelen oglanlar...
Olar bilýär Gazawady, çaga däl,
Gökdepede näme boldy, bilýärler,
dogan diýip, ýurt çapmaga gelýäni
tanaýarlar, TW-ä bakyp gülýärler,
çünki, içi ýanan gülmän bilmeýär,
gylyjyň tygynda ýöreýän ogly,
gyzy bolsa, biliň, millet ölmeýär...