Garyplygy aklamaň

Adam eli bilen emeli, ýokdan
döredilen garyplygy aklamaň,
synanyşmaň, walla, aklajak bolup,
KGB-niň önümi ol, tötänlik,
ýa-da Allaň sowgady däl, synag däl,
aklamaň siz garyplygy söz sözlep,
gözläp sebäp, bahanany ýok ýerden,
aýdyň geldi nireden ol aslynda,
kimler bilen, nädip geldi gelende,
ýok, gorksaňyz tutmaň adyn, agzamaň,
oýnan bolmaň il-ulusy, az ýaly
garyplygyň goş basany dullarda,
siz oýnamaň, degşen bolmaň ýollarda,
garyp bilen, harap bolsa-da haly...

Ýerli ýurtda, suwly ýurtda, asmany
açyk ýurtda, parlap durka güneşi,
näme üçin daýhan aç ýatyp turýar,
ýa geçisi ýaýramaýar copanyň,
aýdyň göni, sebäbi bar, şemalsyz
çöpüň başy gymyldamaz, bilýäňiz,
ýok, gorksaňyz, dymyň, agzamaň adyn,
aý, gowy däl, erbet diýmäň baý güni,
ýa biz ýaly koloniýa gyzynyň,
ýetim galan, urşa gidip kakasy,
zürýadymy, gorkan hudaý diýmäge,
diňe şükür diýäý diýlen okuwda,
ýa siz sowet şahyrymy, partiýa
biletini alan wezipe üçin,
ejap ediň, beýle ejizlik etmäň,
koloniýa, bakna ýoluna gitmäň,
garyplyk – bu kiçi bela däl, belli,
bilýärsiňiz, ýogsa beýle bimaza,
biynjalyk bolmazdyňyz, bilýärin,
beýtmäň?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026