Gitara rewolýusiýasy
Gitaraly çagalar,
şükür, döwür täzelenýär,
saklap bolmaz ony, meger,
KGB-niň eli bilen,
ölüm bilen zyndandaky,
soň hasaby soralmaly,
adam bolsaň, ar-namysyň,
gara başyň goralmaly...
Ýokdy ozal gitara-da,
uniwermag, tanşyň bolsa,
ony, muny eçilerdi,
gitaraly çagalar,
ynanamok gözüme-de,
indi sizi görýärin,
guwanýaryn ýüregin
çöwürýänler köpelýär,
öwürýän däl ýüzüni,
hakykatdan, özünden,
kolonial şahyrlary,
ýazyjyny gaýtalaman,
gitaraly çagalar,
diýýär kaka, agalar,
eje diýýär, diýýär dogan,
aýal dogan, iň esasy,
guwanýaryn size men,
goý, utansyn döwlet, asy!