Baş başlyk we beýlekiler

Hat baranok baş başlyga diýýärler,
arzyň bolsa, diňlejek ýok ýeke-de,
döwlet öldi, pulsuz bolsaň ýok eýäň,
umyt ölýär ýomut, gökleň, tekede...

Diýdi adam aglan aglap diňmeli,
hökümet ýok, talaňçy bar bir topar,
ýalançy bar, ýüzi galyň adamlar,
şeýle bir kän, belki, pälinden tapar...

Ýok, belki däl, tapdy millet pälinden,
geçirimli, parhly bolan bolýarlar,
dosty bolsaň heňkirýärler üstüňe,
duşman görse, ak baýdagy alýarlar...

Hat baranok baş başlyga diýýärler,
kanunlary goramaly, bilmeli,
ýok, ol bilýär, öz ýüregin goraýar,
agyrtmaýar, il-gün entäp ölmeli...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026