Bolan we bolmaly zat
Para berip, çagasyny
ýurist eden ene müňläp,
ýagy boldy ýurda gelen,
BTR ýa tank gelen dek,
çagalary basdy yňlap...
Zalym ene, zalym ata,
prokuror bolan ogly,
kazy bolan, bilýär hemme,
bilýäňizmi otuz ýylda
boşap galdy näçe howly?
Ak süýt berip, ene bolup,
öz ogluňyz bakdyňyz siz,
başgaň oglun ýakdyňyz siz,
hasaby ýok, pul kölünde,
hiç gara däl, akdyňyz siz,
dakdyňyz siz boýna altyn
zynjyrlardan inçe, ýogyn,
elde ýüzük, göwher gaşly,
diýmän garyp san-sajaksyz,
ýetim çaga, gözi ýaşly,
bilýäňizmi, siz sebäpli
näçe enäň bagry sanjyp,
ýüreginden tutdy ajal,
bilýäňizmi näçe adam,
siz sebäpli ot-ojaksyz...
Bagtlymy siz, utduňyzmy,
gitdiňizmi daş ýurtlara,
syýahata, ýa shoppinge,
gelip gürrüň berer ýaly,
gülüp gürrüň berer ýaly,
ýa paýlaşyp suratyňyz,
güjeňleşip ýahta, saly,
bolduňyzmy hajy ene,
edip bolýar näme ýene?
Para berip ogul-gyzyn
häkim eden, ýa diplomat,
gürleseňiz ýüregiňiz,
ýa päliňiz gowy, duw-ak,
belki, ol gün geler bir gün,
Gurbanbibiň portreti
bolar size gowy sowgat...