Gitaraly nesil gelýär

Ýalan diýýän ýalan zada,
boldum gören ýaly adam,
gitaraly nesil gelýär,
goşuňy daň, gyssan, nadan!

Arly oglan, öçli oglan,
gitaraly oglan ýalan,
ýöňkediler diýýär günä,
gaýtalaýar, günäkär däl,
ynan janym enem diýip,
zynharlaýar, ynanýaryn,
gynanýaryn, ejesi däl,
kakasy däl, gördüm ýöne
türme näme, töhmet näme...

Döwlet boldy döwük maşyn,
hakykatçyň owýar dişin,
talhan edýär süýeklerin,
nähak ýerden garalanýan,
dermany ýok, ýaralanýan,
ýykylan öý, ýanan ömür,
açylmanka batan dükan,
harydy ýok, sanardan kän...

Bir, iki däl, ýüz müňlerçe,
prokuror, kazy, sülçi,
hukuk gorap baýamaly,
jaý salmaly uly, uly,
halky edip guluň guly,
arkasynda işe bellän,
hajy bolup, haky aldan...

Arly oglan, öçli oglan,
diýýär ýalan, ýalan, ene,
diýýär meni hakdan dile,
çünki bilýär ýok döwletde
hiç bir kanun ýa adalat,
diýýär eje, sen diňläňok,
barly ýeňer, men geňlämok...

Diýýär oglan diýjegim bar,
soňlamok men sözüm entek,
ýeke däl men, dogan, dostly,
açyk diýýär gözüm entek,
diýýär ýene, ýarym bar meň,
öň bolmadyk, indi boljak,
görülmedik zorum bar meň,
men ynanýan, guwanýaryn,
diýýär aljak, alynmaly,
köýdürmesiz arym bar meň...

Nesil gelýär ýüz ýyl gülen
gara güýje egmän başyn,
ýalan zada diýýän ýalan,
nesil gelýär, garap daşyn,
il-gününi görüp, tanap,
ýalan diýýär ýalan zada,
bor-a diýýän şeýle adam,
degirmedim diýýär elim,
ynanýaryn, ejesi däl,
dogany däl, dosty däl men,
emma iliň tarapynda,
öz-özüne bolan duzak,
ýalan, ýalan, ýene ýalan,
bizi düýpsüz halta salan,
gitaraly nesil gelýär,
bilýän, zulum çekmez uzak...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026