MHM gaýgysy
Öz ýurdunyň mertebesin,
ar-namysyn gorany
goramaýan MHM hiç
howpsuzlyga degişli däl,
degişlidir milli howpa,
has anygy – ol milletiň
ýok bolmagyn gurnar günde,
gorap saklar ogrulary,
kezzaplary, garyby däl,
dogry-dürsüň arkasynda,
eger-eger durmaz, görmez
göräýmeli kemçiligin,
muny bilýär iller indi,
bilinýänin, tananlýanyn
bilýär, belki, MHM-de,
gaýgy edýär käte janyn...