Tebigat duzagy
Bu adamyň tebigaty,
eşek bolsaň, müner seni
at alýança, öýkeleme,
it ediner aw awlasa,
uranyny getirmeli,
suwa urup, ýuwdup kirşen,
soň ol iýse guş etini,
ýa keýigi oda ýakyp,
sen delminip hol beýlede
garaşmaly süňk paýyňa,
bir aýyň däl, bir ýylyň däl,
ömrüň şeýdip ötürmeli...
Diýse diýsin, bolmady hiç,
bolmaz onuň hakykaty,
çünki hyýal, ýesir alan,
goýbermeýär aňsat, gaty
dyzama sen, däli derýa,
ummanlara özüň urup,
balyk tutma aç bolsalar,
gitjek bolsaň, aslyşsalar,
gyýylma kän, her zat diýip,
başga näme etsin olar,
gowy bolma, özüň iýip,
kösenme kän, artyk bular,
geçilmezi geçjek bolup,
seniň üçin paýapyldan
geçmejek dost galar solup,
ýakasynda Amyderýaň,
suwuny has suwsan alyp...