Durmuş duzagy

Arwah bilen tabakdaş,
bir saçagyň başynda
oturmaly bolsaň kyn,
ýöne nakyl, akyl bar,
könelerden galypdyr,
çemçäň bolsun yzyn sap,
käte gurar, kä joşar,
durmuş göýä suwly ýap,
derýa ýa-da umman dek,
ýeriň bolsa bir gysym,
ýa bolmasa günlükçi,
bir ýerde der dökmeli,
tohum bolsa - ekmeli
goramaly ekini,
ýygnamaly hasyly,
durmuş azap ekeni...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026