Täze ýyl arzuwy
Gahar etme duşmanyňa,
bir, iki däl, bolsa-da kän,
bil olary ýeke-ýeke,
aýdylan öň, tanajak bol,
öwren günde gylyklaryn,
sapaklaryn taşlama, al.
Dogry, sesiň gataldaňda,
ýa gygyrsaň ýumruk düwüp,
agram salyp ýüregiňe,
güýçli ýaly borsuň biraz,
ýöne bilim güýçli bolar,
has güýçli bor giň düşünje,
gorag bolmaz kinäň seniň,
öýke seni öňe itmez,
iter öňe çakyň, çeniň.
Duşmanyňy, aýdylan öň,
bildigiňçe gowy, gaty
ýigrenmersiň beter, öte,
duýgulara berip erkiň,
bolarsyň has parasatly,
syn edersiň hem görersiň,
çykararsyň sebäplerin,
nirde utuk, utulyşy,
nämelerden gorkýar ýagyň,
düşünersiň özüňe has,
bes edersiň geň galmagyň.
Söweşlerde gowşak bolup,
ýeňilmeýär ýeňilýän köp,
gyzmaç bolup ýeňilýärler,
gözün gapyp gaharlary,
aňyrsyna bakman oýnuň,
söweşýärler olar mydam
mesele däl, mesler bilen,
eger bilseň duşmanyňy,
gygyrmagyň gerek däl seň,
düşündirjek bolmaly däl,
subut edip ak, garany,
bilip durkaň emiň özüň,
ýaralany ýa sarany,
ýaralaryň ganyn ýuwup,
iň esasy peselt oduň,
ýakma özüň döwüp, owup.
Boýnuňa al, käte duşman,
o biri däl, bu biri däl,
ol bir endik, köne, erbet,
ýa üşügiň, was-was bolan,
özüň, dowluň, has gaýgyçyl,
ýesir alyp, çekýär yza,
eger gowy tanamasaň,
ahyr ýykjak depip dyza,
ýöne belet bolsaň, bilseň,
ýylgyrarsyň şol bir jeňi
gaýtalaly diýip gelse...
Näçe gowy bilseň, açsaň
hile-alyn garşydaşyň,
şonça gowy tanarsyň sen,
açarsyň sen özüňi-de,
darykmarsyň girrklikden,
gözýetimiň giňeldersiň,
düşüşersiň görüp daşy,
güýç ýitirmän, taýýar bolup,
belki, uly söweşlere,
gahar etme duşmanyňa,
düşünjek bol, näme derdi,
gerekmi ýa gerek dälmi
wagt ýitirmek, pikir etmek,
ýa öz-özün gömjek kälmi?..