Erjel halk

O milletň zähmetini,
iň azyndan elli ýyllyk,
bu günlere gelmek üçin,
görmezlige salmaly däl,
okuw jaýy diýlen zady
para-peşgeş mesgenine
öwürdi ol azap edip,
okajagyň ýolun baglap,
ölenlere güldi aglap,
döwlet işin ýalançylyk,
talaňçylyk meýdanyna
öwürdi ol iki-ýeke
dogry sözliň bagryn daglap,
yhlas gerek bu işlere,
gerek erjel bolmak örän,
dymyp bilmek dymmasyza,
seretmezlik öňe biraz,
şonuň üçin medally kän,
ordenli kän, guwanmaly,
dogry, bahyl bolsaň güzap,
ýa pes bolsa hal-ahwalyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026