Gul duzagy
Gullyhanyň guly bolsaň,
ýat tutmaly sözleriň bil,
başyň bolsun aşak diňe,
mydam müýnli, gözleriň bil,
ötünç sorap dursun baksaň,
minnetdar bol malyň bolsa,
ertir, agşam suwa ýaksaň,
işiň bolsa, aýlyk alsaň,
azda bolsa, kanagat et,
sabyrly gul dura-bara,
diýme onuň aýlygy kän,
ýa munuňky artyk örän,
men işleýän, a ol ýatyr,
günde baýram, keýpi-sapa,
sorag berme, ýatda gapy,
işik bolsun ýapylan öň,
açylan soň başga ýerden,
git diýseler, borsuň hapa,
Gullyhanyň guly bolsaň,
ýatda sakla, akylyň däl,
tabynlygyň gerek diňe,
gerek diňe islenýäni,
bilseň gowy, aýtsaň gowy,
gijä galman, gerek wagty,
ýogsa başga alar ýeriň,
onuň ýoly bolar ýagty,
diýesi ger gyjyt berip,
seniň ýoluň tüm garaňky...