Köne täzelik

Täzelik ýok, şeýle mydam,
o birleri iş etjek bor,
azlyk bolar, ýetmez adam,
bu birleri gözlär ýalňyş,
kemçiligin iş edýäniň,
hemem tapar, soň gygyrar,
bolup özi kän işleýän,
aladasyn edýän iliň,
gulagynda ýatman pikiň,
a il, mydam tomaşaçy,
güp ynanar gygyrýana,
iş edýänler goýar işin,
ýurt talaýan aralykda,
ilin çapýan elin çermäp,
ogurlygyn dowam eder,
täzelik ýok, umyt etmäň,
özi gelen özi gider...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026