Meýletin gulçulyk
Aýal, erkek, parhyň bolmaz,
gul bolarsyň, borsuň gyrnak,
bolmasa-da gandal, zynjyr,
tussag borsuň, borsuň bendi,
bolmasa-da hiç bir haýat,
tikenli ýa tiken simsiz,
başyň aşak salyp dursaň,
gyssaň mydam gysmasyza,
başga biri aýdar diýip,
sabyr etseň aşa uzak,
şükür etseň berlenine,
aýlyk diýip, diýip kömek,
işe gitseň, etseň işiň,
çärä gitseň baýdak alyp,
aýdyşlary ýaly saňa,
düzüw adam bolan bolup,
biz düzüw däl, pikir etseň,
durşuň bilen ýalan bolup,
öz-özüňi edip sansyz,
mätäç edip çagalaryň,
iň ýamany - bilime aç,
kim bolanyň bilmän, soňra
azgyrylma daşdan maňa,
goramady diýip günde,
ýa gelmedi diýip idäp,
ýatdy diýip boş, sürgünde...