Gara psihologiýa
Girrik adam, sähel zada
gahar edýän gyzyp ýygjam,
bolan bolup dana, düzüw,
soň görersiň, barypýatan
akmak, bozuk bolup çykar,
üstesine ejiz örän,
özi özün urman ýykar.
Il ýylgyrsa çalak-çulak,
sähel zada gülýän adam,
gaty gülýän, ýuwaşja däl,
pikir etme, hiç derdi ýok,
ýaşyrýandyr ýaralaryn,
bolup, belki, ýyllar boýy,
öz-özüne atylan ok...