Birinji borç
Hiç ynanma, özüň aldap,
oýnun bozman köpçüligiň,
baş atsaň-da baş atmasyz
gürrüňlere, kararlara,
bele bolan şu güne çen,
ertir ýene bela boljak,
ýokdugyny bilip arkaň,
sora mydam soraglaryň,
iň esasy öz-özüňden,
ynanmaýan zatlaryňa,
ýüz ýyl bäri gaýtalanýan,
ýat tutulan nakyl diýip,
akyl diýip atalardan,
dessur diýip dymyşlyga,
adat diýip gulçulyga,
düşme ýesir, ilim şeýle,
çykmaly däl ilden diýip,
iki gözüň birem bolsa,
bildir käte bilýäniňi,
gülse gözüň ýagyn iýip...