A... kisser
Bizde gödek, bu sözi
diýmeli däl aç-açan,
ýa ýok wagty hiç kimse,
almaly däl diliňe,
sebäp ýüzüň gyzarar,
utanarsyň özüňden,
tutulan deň sözüňde,
bolan bolsaň diplomat,
bir göterim ýa artyk,
MGIMO-da okaman,
mejbur bolup, il edýär,
ýa-da diýip başga zat...
Ýöne onuň aňladýan
zadyn etseň başga gep,
aç-açan ýa aşakdan,
çünki kanun ýok wagty,
ýa ýok wagty din-iman,
ýalan bolsa ähli zat
iş ýüzünde, umuman,
ýazylmadyk kanunda
bu iş bolsa akyldan,
ýa aňrybaş çeýelik,
bolmak ugur tapyjy,
ýa ýeseriň ýeseri,
mejbur bolsaň, ilçilik,
sessiz aglap bilersiň,
agşam gelip öýüňe,
bizde aýyp, bu sözi
getirme hiç küýüňe!..