Gowulyk duzagy
Gowy bolmak mesele däl,
mesele däl arassalyk,
ýa rehim-şepagatly,
salykatly, eli açyk,
göwni açyk adam bolmak
mesele däl agyr, ýeňil,
ýöne eger gowulygyň
hyzmat etmän özüňe seň,
gural bolsa başgalara,
gowşak ýeriň bolup çyksa,
ezmek üçin seni ýa-da
urmak üçin ýek ýigrenip,
ädik edip ýüzi galyň,
geçmek üçin batgalykdan,
ýa keýpine, görüp bilmän,
açyklygyň, ak ýüregiň
ulansalar ýarag edip,
ýaralamak üçin özüň,
dile gelen, aýtmasyza
aýdan her bir sözüň dogry,
mesele bor, ýandyrar ol,
çabyran dek dowzah howry...