Gapy duzagy

Eger gapy açylmasa kakaňda,
obam diýip gelseň uzak ýol geçip,
bir gezek däl, iki gezek, on gezek,
gygyraňda ylgap çykmasa kimse,
o gapy seň gapyň däldir, pikir et,
ýa-da açyp derwezäni demirden,
barsaň, görseň, bilmeseler kimdigiň,
ýa-da bilip, bilmezlige salsalar,
sylag, hormat etmeseler ýeterlik,
gözli bolsaň, kör ýerine alsalar,
o şäher seň şäheriň däl, pikir et,
ýok, ýene-de synanyşsaň, gygyrman,
gaýtalasaň hakykatyň ýuwaşja,
özüň bilen gürleşýän dek, kes sesiň,
git diýseler urman, sögmän, öldürmän,
olar seniň tiredeşiň däl artyk,
dindeşiň däl, bolmanyna şükür et.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026