Hawa nesli

O bir zaman, ýaş gyzlara,
'ýok' diýmegi başar diýip,
wagyz edýän mediada,
bir, iki däl, 'hawa' diýip,
başyn atyp tä ölýänçä,
gul bolmagy hökümete,
ýal bolmagy arzan, aja,
eger bolsa wezipesi,
öwretdiler nesil bolup,
gowy ýaşap özleriçe,
diňe bilip iýjeklerin,
içjeklerin ikije gün,
ertir hakda pikir etmän,
bu gün 'hawa' has köpeldi,
hemem iýjek ýurdy ütmän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026