Watan nädip satylýar?

Watan nädip satylýar,
bilýär muny okanlar,
habarlary sypdyrman,
mysal üçin, Arseniý,
87-iň oglany,
habarlarda ýazdylar,
MGIMO-da okapdyr,
ýetdirmeýär her kime,
soň diplomat, sylagly,
DIM işgäri, birdenkä,
näme boldy, 12 ýyl,
berk düzgünli türmede
oturmaly etdiler,
satdy diýip watanyn,
diýdi biri geň galdym,
gelmändi ol ýüzüne
başlyklaryň hiç haçan,
urdy, meger, aşakdan,
tankyt etmän aç-açan,
diýmän adam hukugy,
söwdaň gowy, harydyň
öwseň ýekeläp ugyn...

Şu bir ýylda, ýazdylar,
aýyplanan, tutulan,
eden işi derňelip,
gara jaýa atylan,
470 azyndan,
satan diýip ýurduny,
ýene 420,
belki, ozal sylagly,
iň ygrarly watançy
ýürekden däl, dilinde,
heniz derňew astynda,
sorag gidýär her günde...

Dönük diýip ýene-de,
tamamlanan derňewi,
işi baran o ýere,
adalatyň öňüne,
180-e golaýmyş,
biri diýdi bu näme üçin
beýle bolýar, gaty kän-le,
gylyç guran ýurdun satýan,
ýa biz indi beýik dälmi,
güýçli dälmi, daşa atýan,
gutardymy oklarymyz,
ýa gazymyz gutardymy,
ýa alyjy ýokmy bakýan,
ýa boldukmy indi batýan,
uç-gyraksyz batgalykda,
söýmedikmi watany biz,
beýlekisi güldi diňläp,
satjak dälmi satany siz?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026