Günä duzagy
Iş gelmese elinden hiç,
gynan, pesiň pesi mydam,
kemçiligin gözläp başgaň,
garalawçy, aýlygy ýok,
iş edýäni günde ýadap,
bar sylagy aljak ýaly,
salyp günä duzagyna,
aýyp gözläp, tapyp hökman,
özüne çen kiçeltjek bor,
utandyrjak bolar soňsuz,
ýüp getirip oklar bolman,
özün asjak ýaly sessiz,
deň bolmasa deňsiz bilen,
ýetmiş, segsen ýaşar käte,
kyrka ýetmän diri ölen...