Göýdük duzagy

Eger özüň şeýle agyr,
bahyllygyň hassasy,
ýa-da ýeňil, iň gutaran,
üç, dört ýüzli bolmasaň,
tanamaýan ýa-da görüp,
ýoldaş bolup uzak ýolda,
açyk däl hiç, boýun alman
okap ýazan zatlaryny,
goşgularyn iýip gije,
mumyýa dek dagdan syzan,
ýüreginden damýan günde,
tanamajak kişiň hakda,
inkär edip kimdigini,
düşünmejek eseriň dek,
beýle aşak, beýle kümsük
gürrüň etmek bolarmy,
ýa bu şeýle bolmalymy,
ulalmazmy kiçi doglan,
göýdük diňe göýdük bolup,
ösüp bilmän galarmy?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026