Yhlas duzagy

Sen işiňi etjek bolsaň başarýan,
gije-gündiz pikir edip, seredip,
soňa goýup dynç alyşy, maşgalaň,
okamaly kitaplaryň okaman,
wagt ýitirmän kinolara ýa sergä,
il-günüme gerek diýip gyssagly,
gezim etmän gezim wagtyň daşarda,
ýazsaň, bozsaň, gyrsaň köküni gözün,
hamala birleri eşidip sözüň,
gara nebis, gaýtjak ýaly pälinden,
pikir etme, biler iliň, düşüner,
ýok, tersine, köpeldersiň göribi,
garalajak, ýaralajak bolarlar,
ünsüň bölseň, begenerler, geçisi
daga ýaýrap, gynanarsyň halyna,
biriniň däl, tutuş iliň, bilýär ol
bu günlere gelenini nireden,
ýöne boýun almak, düzelmek başga,
ýüz öwürmek başga çüprän tireden...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026