Duşmanyňa gabyr gazma

Sen basylyp adamdan,
boluşlaryn halaman,
gylygy pes, belki-de,
ýa özüňde mesele,
duşman bilip hususy,
gije-gündiz ýigrenip,
göz öňüňde hemişe,
ýaşap bilmän rahat,
ogurladyp her günüň,
gabyr gazma gyssanyp,
onuň üçin gowy, çuň...

Bilip bolmaz boljagy,
birden gazyp gutarman,
gaçma özüň içine,
ýa ýigrenip, ýeňilip
jaýlanan dek ýaşama,
azap berme özüňe,
pikiriňde, oýuňda,
galma baky mübtela,
özüň bilip ak jüýje,
garga bilip başgany,
ýagy bilip birlerin,
garaltma ak maňlaýyň,
ýüzüňe syl Gün, Aýyň.

Duşman bolsa, duşmanyň
sapaklaryn al gowy,
öldürmese bir günde,
bolma kinäňe bendi,
ýesir bolma öýkäňe,
bolar mydam başgaça
pikirlenýän, ýaşaýan,
sütem edýän başarsa,
ogurlaýan malyňy,
ýa-da işiň, sen derle,
at-abraý onuňky,
ezýän ilde, döwletde,
kanuny bar kagyzy
bezäp bilýän, elbetde...

Seret, altyn asyry
boldy näçe milletiň,
ezip başga birlerin,
belki, adam ýaşasa,
ýetik bolar talaňçy,
ýalançylar, owadan,
uly jaýda ýaşajak,
akyl satjak akylsyz,
bolan boljak beýik, pes,
olar ölüp gutarmaz,
biri gitse, beýleki,
soň eýleki tapylar,
sen ýüregiň açyk tut,
açyk sakla pikiriň,
ýesir bolman gahara,
unut gabyr gazmagy,
ýogsa belli, ýaşaýyş ýok,
açyk ýoluň ýapylar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026