Seçgi duzagy
Saýla mydam saýlawlaryň,
ses bermeli, barmaly däl,
oýnamaly kimiň oýnun,
gurt bolmaly haýsy golda,
ýa bakmaly kimiň goýnun...
Synaglaryň saýla mydam,
günde ýatyp, turup ýatda,
göz öňünde sakla ýoluň
uçut ýerin, eňňidini,
ýörejek bol, bol seresap,
aýlanjak bol, öwrüljek bol,
daşlar bolsa uly çenden,
çukur bolsa gaty çukur,
kiçi bolsa aýryp zyňyp,
ýa seýikläp döwükleri,
ýol görküni alýan, bozýan,
saýlamasaň gitjek ýodaň,
gitmejegiň, ýatda sakla,
başgalar bor, sen däl ozýan.
Saýla her gün, seç howlukman,
iýjekleriň, içjekleriň,
döwüm nandan çaýa çenli,
artykmajy artykmaç bil,
kemçiligi kemçilik bil,
düzetjek bol wagtyň barka,
ýele berme sagatlaryň,
ýitirme gün, hepde, aýyň,
gürleşjegiň durup biraz,
salam berip ýa-da bermän,
görmedik dek geçjekleriň,
wagtyň kän däl, saýla mydam,
sowuljak ýa geçjek ýeriň...
Duşmanlaryň saýla mydam,
gowy saýla, ownuk duşman
ownuk eder özi ýaly,
saýlmadyk saýlawlaryň,
aýlar seni barmagynda,
urar ýere islän wagty,
soň giç bolar, galan derdiň
miras alar ogul, agtyk...
Okamak kyn, öwrenmek kyn,
sagyň, soluň ýapyk ýurtda,
garyp bolsaň öý-öwzarsyz,
çörek puluň gaýgy günde,
düşünmek kyn nirden ösýär
wagtyň ýeli, tüweleýler
nirä zyňjak peşmek ýaly,
seni, meni, ony ertir,
saýla mydam aýlawlaryň,
pellehanaň, barjak ýeriň,
näçe uzak gitmeli, bil,
ata çykma atsyz bilen,
diýse-de ol ýüz atym bar,
göterilme, göçme sähel
at, şöhratdan sämäp seriň,
gözüň görmän, guýrugyny
basma her bir ýatan şeriň.
Saýla gowy külpetleriň,
kynçylygyň arasyndan,
haýsy birin aljak ilki,
geçmek üçin ýeňip ýeňil,
agyr diýmän öz wagtynda,
beterletme bolsa derdiň,
jylawyny tutman, taşlap,
özüň gora şu gün, döwlet,
ýa beýleki dost-duşmanyň
has hatarly hala salman,
sowman ýoldan, gidilmeli,
goýsun diýseň has ir alman...