Düzüw duzagy
Ilim diýmek ýüregiňden,
el uzatmak ezilene,
iň agyry jenaýatyň,
bilmeýärdik biri bolup,
toý, ýasyna görnüp iliň,
öwretdiler arzan satyp...
Emel ýetse, ogurlasaň,
ýetim, ýesir, naçar hakyn,
talaň salsaň ýurt malyna,
gowy görýän eken süri,
gowy görýän eken döwlet,
bidöwletler toparçagy,
edenli sen, öňden görýän,
giň seredýän, çeýe pikir,
agramyň bar, sylaýarlar,
ýa-da ýeňles, masgarabaz,
köşge gerek bolsa zerur,
ýazsaň diňe ýalan-ýaşryk,
ile gerek diýmän ýagty,
köýen lampa diýmän köýdi,
aja diýmän gerek çörek,
diýseň ýatsyn, besdir, doýdy,
orden, medal paýyň beren
diýjek eken ýurdun söýdi,
halkyn söýdi ýüreginden,
açjak eken ýapyk gapyň,
bar günäni aýryp senden...
Hehe, hehe, ýalan gülseň,
eliň çarpsaň iň öňürti,
iň soňundan kesip ýeser,
gowy eken janyň ýakyp,
ýazanyňdan agyr eser,
gowy eken eliň gelse,
gowy eken ýüzüň gülse,
gara köýük bolanyňdan,
gowy eken ursaň boldan,
gaty aýlyk alanyňdan...
Okuw, bilim tarapynda,
tarapynda düşünjäniň
ýagtylygyň tarapynda,
gara tümi döşden itip,
otluçöp dek ýanyp gije,
giňemegiň, giňeltmegiň
dar ülkäni, ýeri uly,
synanmagyň iň bolmanda
bilmeýärdik galatdygyn,
el üzdürjek şirin jandan.
Kanunulary öwrenmegiň,
sylamagyň başgalaryň
hukuklaryn, öz hukugyň
gorap, aman galmak üçin,
çagalaryň, gowy okan,
gowy okuw jaýlaryna,
gowy işe salmak üçin,
gabat gelip sözüň, işiň,
yhlas etseň mamla bolup,
bilmeýärdik iň agyry
jenaýatyň, gördük, bildik,
ogry bolsaň sylagyň bar,
düzüw bolsaň gaç ýa öldüň!