Bahyllyk duzagy

Tire-taýpa bahyllygy,
duşmançylyk milletara,
dini birler, dini başga,
ýa bir dini iki bölen,
üç-dört bölen hudaýhonlar,
hakykatda jübi guly,
bu meniňki, o meniňki,
sen kän aldyň, meniňki az,
bu ýer uly, bu ýer kiçi,
suwy süýji bu derýanyň,
hasyly bol bu topragyň,
ýal bolupdyr ýedi ýada,
sen kimmişiň meň ýanymda,
seniňki däl, belki, bu ýol,
gaçjak bolsaň, ýok hiç ada,
barylmajak, görülmejek,
bolar mydam tapan seniň
kemçiligiň, dakjak bolup,
öz isleýän adyn saňa,
işiň bolsa, bölüp, büçüp,
çeker ýaly ýerin gözläp,
bahyllygy adamzadyň,
goýmaz seni sylap, dözmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026