Sylag-hormat duzagy
Erkegine arlaýan
aýal bolup bilersiň,
ýa-da erkek, aýalyn
urýan içip keýpine,
çagasyna el galdyrýan
ene bolup bilersiň,
belki, bolman wagtynda
eneň, ataň edepli,
bilýän sylag-hormaty,
ýa-da ataň beg bolup,
soňra tozan, wagty gelip,
ýa-da garyp, içen, çeken,
keýp oglany ýykylýança,
ejeň pahyr, ata ýerne,
çörek atly, paý-pyýada,
kowan, gelip öý işleriň
barlamaga güýji galman,
meniň elim ýetmez, dogry,
ýetişmerin her gezekde,
käte uzak synansam-da,
müýnli ýaly, bergili dek,
her urlana gynansam-da,
mekdepde ýa esger bolup,
ýa başlygy bolup kümsük,
ýöne maňa azgyrylma,
gygyrma sen aýlygyňy
bermeseler, işsiz galsaň,
öýsüz galsaň, bu ýol agyr,
kepillik ýok hiç ynsana,
döwýär ejiz bolsa ili,
güýçli bolsa, edýär ýagyr,
boýun alyp götermegi,
getirmegi menziliňe,
golun çeken bolmaz, dünýä
sylamaýar sylamasaň,
ýa sylasaň, beter münýär...