Mesele duzagy
Mesele bar il öňünde,
diýýär başgaň döredeni,
basyp alyp, öňden galan;
mesele bar il öňünde,
günde dörän örňäp ýalan,
hem çuňlaşan ýyldan-ýyla,
iliň özi ylgap gidip,
ylgap gelip şer ýoluna,
haýyr ýolun inkär edip...
Boş, warsaky gürrüňlere,
aýdym-saza, manysy ýok,
keýpi-sapa, iýýän ömri,
berip wagtyň, iýip, içip,
münüp, guçup ötýän kişi,
sürýän kişi, gelen döwran
myhman diýip, akyl satyp,
adam özün atdan ýykýar,
ýaýyn döwüp, oksuz atyp...
Dilde hemme hak ýolunda,
emma işi başgalar kän,
maşgala kän garyp-gasar,
bu gidişde, çözülmedik
mesele has aşak basar,
yza çeker ýylba-ýyldan,
has ownadar adamlary,
hopugarsyň dursaň, görseň,
adam ýaly gürleşmek däl,
köýen ýaly bolsa ary,
ýa gygyrsa gygyrmaýan
ogurlan dek alma-naryn,
utanarsyň, gelen ýeriň,
baran ýeriň ýalňyş bolar,
mesele bar il öňünde,
çözülmese çözer olar...
Seredýärsiň ulusyna,
saç-sakgaly agarypdyr,
emma galan şol kinede,
öýkesinde, ýa zäherde,
enesinden miras alnan,
atasyndan miras alnan,
miras alnan obasyndan,
ýaşasa-da gaçyp gelip,
başga ýurtda, o şäherde,
bu şäherde, başga guran,
ýaş-ýeleň kän, diýýär bizi,
adam däl-de, hudaý uran...
Hudaý nätsin, soraýarsyň,
akyl-huşuň ýerindekä,
ýerindekä el-aýagyň,
uruş ýokka göni, açyk,
talaň barka, barka ýalan,
düşünmedik bolsaň oýna,
ýa-da çyna, otuz ýaşap,
saçak seniň tämiz aýnaň,
çörek ýokmy, mesele bar,
ýa çöregi zyňýaň çöpe,
gülen bolup il halyna,
keseli bar jemgyýetiň,
kim gelmeli derman alyp,
ýa gurmaly saňa köpri,
däli durmuş derýasyndan,
geçer ýaly gury üstüň,
aýakgabyň suwa degmän,
hiç akyla başyň egmän...
Mesele bar il öňünde,
kim çözmeli, iki-ýeke
çaň çykaryp bilmeýärkä,
ýa çykýarka adam sandan,
biri urlup, kowalanyp,
beýlekiler süýşüp gyra,
yzky orun teatrda,
bir günüm – hoş günüm diýip,
toýa gelip çagyrylman,
ýa gün görýän ilden iýip,
gülen bolup hikir-hikir,
nämä gerek göreş, dawa,
diýip gowy döwür, şükür...
Il öňünde mesele bar,
nirelerde galdy kitap,
nirelerde galdy depder,
ýa-da galam, ýazjaklaryň
ellerine gandal salan,
ýa nirede okanlary,
düşüneni iliň aga,
garasyna zamanayň,
gaçyp, gözläp sümere ýer,
gürleşmeli baglar bilen,
dynç alanda arka berip,
göz öňünde ýurdy mydam,
ili mydam ýüreginde,
kör ýoluna ylgap gidip,
nälet edýän ýakyn, ýada,
gözliň ýolun inkär edip...
Il öňünde mesele bar,
görmedik dek ýeke kino,
ýa-da görüp, düşünmedik,
din diýilse diňe jennet,
dowzah diýip pikir edýän,
gorkusy ýok ikinjiden,
men ak diýip pikir edýär,
şükür edýär özi galsa,
berip ilin däli sile,
adam eli bilen elin,
ýagyş ýagman döredilen,
bilmedikler akja jüýje,
gara donly bolýar bilen...
Mesele bar il öňünde,
bir, iki däl, bolsa maly,
para berip çözýär olar,
göýä puly tükeniksiz,
dünýä sygman ýatan ýaly,
ýöne garyp, bilýär talan
gülýär oňa arkasyndan,
bilýär özi oýnalýanyn,
ýöne bolýar bilmedikden,
öz-özüne salyp aly,
gelip gorpuň gyrasyna,
diwarlary opup ýatan,
çözdüm diýýär meselämi
beýlekini arzan satan,
iten ýoluň gyrasyna,
diýmeseň lal, dilli dönük,
diýseň duz bor ýarasyna...
Il öňünde mesele bar,
çözgüdi ýok, öýke-kine,
ar köpelýär, öç köpelýär,
göç köpelýär ýat illere,
sen özüňi aklamaly,
aldamaly, bahana kän,
näme üçin goşulmadyň,
durduň synlap golaý, daşda,
ýaşyňda däl bu mesele,
nakyl diýýär akyl başda...