Rehim duzagy
Rehimiň 'R' harpyna
degmeýäne wagt ýitirip,
öz işleriň goýup ertä,
ýetişmeseň ýa-da irip,
kesseň araň, soň uzakdan
näletlenseň duşman ýaly,
ýakyn ýa ýat, haýryň gören,
bilýän, belki, ýüregiňi,
ýa işiňi, azda-kände,
ýazyjy men, şahyr diýmän,
küşgürilen oýnatgy dek,
oba gülki bolup ýören,
öz-özüni salýan aşak,
çekjek bolup, ýykjak bolup,
aslyşýana kömek edip,
kömek etjek bolup iliň
çagasyna, öz çagaň dek,
ýok, bolmaýyn olar ýaly,
ýa bolmaýyn bular ýaly,
diýip günde özüň saklap,
garalany, bilmeýän dek,
pahyr diýip, dilde aklap,
öwrenersiň öwrenmejek
zatlaryňy, gerek, belki,
düşünersiň ýaşaýyşa,
düşünmesi kyn zat ilki,
ol rehim, ol şepagat,
sen ýigrenseň ýeňilersiň,
düşseň aşak, ýigreneniň
biri bolup galmaly täk,
oňa, muňa pitjiň atyp,
men diýmeli ýeke-täk päk!