Seresaplyk duzagy

Sen öwýänden seresap bol,
bolsa dili süýji örän,
sen döwýänden seresap bol,
agza gelen sözi aýdyp,
seresap bol göreşiňi,
ýeňişleriň ulaldýandan,
kiçeldýänden aşa, artyk,
täjir saýyp özi ýaly,
ýykylaňda gülenlerden,
gelenlerden tursaň ylgap,
saklaýandan ýakynynda,
sylap däl-de, gorkusyndan,
görmeýänden ösüşleriň,
kürsüde däl, gözýetimde,
düşünjäňde, giňeltmek kyn,
seresap bol, içindäki
küli galyp, közi öçen,
ot ogurlar gelip senden,
gözläp diňe kemçiligiň,
ýa ýalňyşyň öňki, geçen,
seresap bol bir maşgala,
dogan ýaly bolýanlardan,
ýat, keseki bolup galyp,
diňe badak salýanlardan,
bermelide ýok, tapylman,
üýşüp artyk alýanlardan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025