Açyk göz duzagy
Açyk gözün ýumýan ile,
kömekçisi ezijiniň,
ýardamçysy ýagysynyň,
demin alman gorkusyndan,
ilki gaçan, soň çagyrsa,
kömege zar, goldaw gerek,
seresap bol, göni gelme,
begenme sen ir, gyssanyp,
ýarlanan, huşsuz ýatan,
agzyna suw damdyraňda,
gözün açdy diýip gülme,
gabaklary gymyldasa,
görse-de ol görjeklerin
öz gözünden görer diňe,
hemmeleriň sözi meňzeş,
gözi meňzeş okamasaň,
öňdür öýtme diýse öňe.
Bilip, bilmän, ýa aljyrap,
öz-özüňi aldan bolma,
diri ýaşa, diri ölme,
gözün açdy diýme ile,
açyk gözün ýumýan wagty,
iki eli bilen daşlap,
gelen bagty, geljek bagty.