Ýara duzagy
Seni oka beren millet,
özi diýip günäkäri,
diýip dok bor dekje gezen,
meseläni bilip özen,
bilmedik bor, soň garaşar,
kanagatly, sabyr edip,
näme bolýar, nädip ölýär,
pyşyr-pyşyr, gürrüň eder,
jaň ederler uzak ile,
eşidersiň, getirerler,
utanarsyň gybatyndan,
urmaýanlar bet urarlar...
Ýeke galsaň il içinde,
çölde ýaly, halyň harap,
agzyň kepäp, suw sorasaň,
gelen bolmaz, bilen bolmaz,
ýa-da bilip, çekilerler,
ýa-da gelip aýdar käsi,
özüň bilýäň, çagalar bar,
düşünersiň ýagdaýyna,
çünki her kim aman-esen
galjak, ölmek aňsat iş däl,
soň ýaraňy ýalap özüň,
ýa gum sepip, ganyň durup,
ýuwaş-wuwaş galsaň ýerden,
nesip bolsa, berilse dem,
synlamaga bolar pursat,
saňa gelen töhmet, bela
il başyna geler kem-kem,
ilki iki, ýeke ýaly,
soňra üýşüp gaçar millet,
ýaşyn syljak bolsaň gözde,
ýaraň beter açar millet...