Gan duzagy
Gan garyndaş eder seni,
ygrar, wepa bilen bolar,
galar adam maşgalada,
wagt görkezer hakykaty,
ýol görkezer geçseň bile,
gylyklaryn adamlaryň,
çig süýt emen, eselersiň,
ötünç sora ýalňyşaňda,
ýöne özüň düzetmeseň,
işlemeseň öz üstüňde,
peýdasy ýok, soňky puşman,
aýdylan öň, bolar duşman...
Sözler, aýdym-sazlar gowy,
süýji bolsa, ajy däl-de,
gerek wagty ýaraň ganap,
täsir eder diňle gözüň
ýaşyn saklap ýa saklaman,
melhem bolsa, ýüz öwürme,
ýöne diňe söz bilen däl,
işiň bilen gutularsyň,
dost-ýarlaryň ýa kesekiň
sözüne däl, işine bak,
gülki gowy, gowy şatlyk,
çytyk çüzli bolmajak bol,
ýöne her bir ýylgyryşa
eräp gitme garlar ýaly,
güneş gören uzak ýatyp,
hormat, sylag uzak ýoldur,
ýöne däldir bir taraply,
goldaw, kömek, çyn pikirdeş
gygyryp däl, sessiz geler,
gitmez taşlap kyn bolanda,
gaç soň näçe ideseler...
Gan saklamaz maşgalany,
saklar wepa, ygrar diňe,
gygyrýanlar, seresap bol,
mydam bile gitmez öňe,
iň ýamany – çeker yza,
gybat eder, atar töhmet,
kä gönüläp, kä bukulyp,
goý, diýsinler näme saňa,
jedelleşme, subut etme,
görmejege, bilmejege,
girme ýalpak ýaba suwsap,
ýa ýuwunjak bolup şerden,
kir-kimirden ýolda ýokan,
ygrar, wepa uç-gyraksyz,
ýa çuň bolar deňiz ýaly,
durmuş mydam subut eder,
ýakyn, ýatdan gelen aly,
hileleri, pirimleri,
kelte bolar adam diýlen,
gizläp goýmaz çilip halyň,
daş işige düşär açyk,
ýere, ýurda sygman maly,
baýan ýaly, görkezjek bor,
hasap etmän bolmaz iliň,
edenini, etmejegin,
her berenin almajak bol,
gitme hemme gidenine,
ölmez-gülmez bolmajak bol!