Täze ýyl arzuwy

Ot ýaly bol, ýakjak bolan
el-aýagy köýüp gitsin,
suw ýaly bol, ýoluň baglan,
ýol alyşyň söýüp gitsin,
arslan ýaly ýat ýataňda,
basyp geçjek bolsa arla,
agaç ýaly, bag ýaly bol,
yrasalar, sarsma, parlak
güneş ýaly garap dünýä,
Gün ýaly bol, çoýunsalar,
eçil boldan şöhleleriň,
ýel ýaly bol, iten döşden
bilsin näme iteklenmek,
ýa-da hüjüm, al tahýasyn,
ýa ýaglygyn gaçyr, uçur,
ýa sellesin sypyr başdan,
Aý ýaly bol, görmezlige
salanlara ýylgyr daşdan,
dag ýaly bol, iteklänler
bilsin kime duşanyny,
ýagyş ýaly, ýagmyr ýaly,
unudana ýatlat käte,
kimdigiňi, nämedigiň,
ykrar eder ýanan ädi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025