Täze ýyl goşgusy
Galmagaly saýlama,
gykylykçy dünýede,
goranjak bol, drama,
nadaralar gaçgynyň,
iň esasy ünsüňi,
rahadyň awlaýan,
boş gep seni ýok eder,
alyp gaçyp özüňden,
el-aýagyň ýetirmän,
tutjaklaryň tutulmaz,
gitjek ýeriň gidilmez,
gykylygy saýlama.
Girseň her bir söweşe,
sen ýaraty hemişe,
ganyň ýalap ýörmeli,
ýa gum sepip gitmeli,
Garagumda, adamsyz,
çöl-beýewan ýoldaşyň,
goýun baksaň gowudyr,
ýa daglykd gowagyň
odun-suwun kem etmän,
günüň geçse şükür et,
iň esasy iýmesin,
gemirmesin gykylyk,
galmagaly dünýäniň,
ýa içinde şäheriň,
uly, kiçi, parhy ýok,
ýa obada, gyrak-çet,
sakla özüň özüňe,
çöp gürrüňin kän edip,
agaç bolma gözüňe.
Işle, dogry, yhlas et,
seret üsti-başyňa,
içerde hem daşarda,
tämiz bolsun geýeniň,
seret gowy agzyňa,
artyk, kem däl iýeniň,
samanhana seniňki,
bol bolsa-da ot, miwe,
seret gowy diliňe,
sakla dişden aňyrda,
aýdyp ýörme bilýäniň,
bilmeýäne gerek däl,
gaýdyp geler ok bolup,
ýaşa özüň, durmuşyň
ýele berme, iki gün,
aç-hor känkä dok bolup.
Rehim et özüňe,
rehim et ildeşe,
janly-jandar eliňden,
ýa diliňden çürkenip,
gargamasyn yzyňdan,
gözi ýaşly galmasyn,
bolsun mydam maksadyň,
boş ýaşama ýeke gün,
ýuwaş görüp, dyzasa
düýnki saçak ýazanyň,
düşün, seniň günäň däl,
her ýazgaran ýazykly,
seni senden itmesin,
seret ömrüň, bir günüň,
gykylykda ýitmesin.