Durmuş güldürse
Olar ilki biziň ýaly,
bozgak, däli diýilenler,
çekilenler sözi kesä,
gitmelidir diýdi gaçyp,
ýurdun taşlap, ene-ata
galyp yzda gözi ýaşly,
begendiler käçi açyk,
tämizlener diýip ülke,
ýagyş ýuwup tozanyny,
o birine boldy gülki,
ýat illerde ölse biri,
hassa ýa-da gazanany
öz agzyna ýetmän, yzda
çagalaryn talap döwlet,
pul iberse, baýan ýaly,
belki, indi bilýär käsi,
gidip ogly ýa aýaly,
görenden soň aýralygy,
ýa-da ýitip ýat illerde,
atsyz mazar bolanlaryň
patasyny alýan sessiz,
pikir edýär kim çyn däli,
durmuş şeýle, güldürse gül,
bellisi ýok, näder häli.