Köpçüligiň roly

Eger geçen uruş, gyrgyn,
çaknyşyklar, sanardan kän,
açan bolsa gözümizi,
ýa görkezse birje zady,
ýa öwretse, bildirsedi,
mesele däl hiç o lider,
ýa bu lider, ýeke özi,
gylyjyndan kän gan saçan,
gyrmaz, urmaz tükeniksiz,
bolar hökman sepin açan...

Seret oňa eýerýäne,
goldaýana seret ony,
ellere bak, çarpylýan kän,
dillere bak, alkyş aýdýan,
bak tans edýän ýigitlere,
gözellere, inçe billi,
hem islese teatry,
ýa sahnany ýapyp biljek
adamlara seret siňe,
olar kändir, ýöne mydam,
bir sebäpden dymar diňe...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025