Töwekgellik howpy
Leo Buskaglianyň äheňinde
Gülmek, çala ýylgyrmagam
töwekgellik bolup biler, elbetde,
görünersiň samsyk ýaly, il güler,
ýa gözüňe ýaş aýlamak, aglamak
bolup biler töwekgellik ullakan,
görünersiň sentimental, neresse,
ýa birinden habar tutmak, jaň etmek
hal soramak hantamalyk bolmasyn,
ýa derdiňi, armanyňy gür bermek
töwekgellik, özüň açmak, 'hä' beren
soň yzyňda başyn ýaýkap galmasyn...
Aýtmak ile pikirleriň, arzuwyň,
töwekgellik, gaçar, belki, görse soň,
ýa-da söýmek töwekgellik, ýerine
bir ýyly söz eşitmersiň, üşärsiň,
ýa ýaşamak ölmek töwekgelligi,
umyt etmek has lapykeç etmesin,
ýa synanmak getirmesin puşmana,
ýa gül ekseň, solup, tozap gitmesin...
Ýöne zerur töwekgellik, sebäbi
iň ullakan töwekgellik hiç hili
töwekgellik etmezlik bor soňundan,
hiç bir zatda töwekgellik etmedik,
gitmelide ýola çykyp gitmedik,
gelmelide gelmedikler zat bilmez,
hiç iş etmez, hiç kim bolar, düşünse,
düşünmese pikir etmez, gynanmaz,
ejir çekmez, gülen bolar öwrenmän
durmuş bilen özgermegi, ösmegi,
ýaşamagy adam ýaly, mynasyp,
diýer şükür, günüm geçýär, bolýar-da,
diňe töwekgellik boşadar ýüpsüz,
öz beýniňde, içde dikilen dardan.