Täze kürsi
Jäjek beren adamlaryň,
at, dereje berenleriň,
ýa wezipe satyn alan,
para alan soňra gorkup,
berenini almak üçin,
ýa ornunda galmak üçin,
ýene berip bermilide,
sylanlaryň sylan diýip,
pikir etme, seni sylar,
gowy görer ýüreginden,
olar beter duşmanyňdan,
itýär seni gara gorpa,
öwen bolup, bolup goldan,
iki günlük nepi üçin
kiçelenler kiçeleniň
görüp galmak isleýärler,
kän eşitdim ozal muny,
ýuwaş-ýuwaş basgançakdan,
ugrun tapyp galanlardan,
gypjyn-gypjyn bolup ýaşan,
örän çeýe bolanlardan,
uruşdan soň garyplygyň
sapak, dersin alanlardan,
indi täze nesil geldi,
käsi iki ýa üç dilli,
sen näçe ber jäjek, orun,
olar seni ýigrenýärler,
garaşýarlar gowy güne,
belki, muňa düşünýärsiň,
zat diýmedim wagtynda, öň,
gutly bolsun täze kürsiň!