Surat

Beg girdejisi

Belki, seniň bilmezligiň,
ýa salmagyň bilmezlige,
azap etmän biljek bolup,
kelle döwmän gije-gündiz,
baý bolýanyň ýylba-ýyldan,
beg bolýanyň ýylba-ýyldan,
girdejisi uly, kiçi,
sen edýärsiň baýlary baý,
özüňi däl, ezijini,
ýalançyny ýyllap doldap...

Olar güler saňa, dogry,
dowam etseň bilmezligi,
ýa gorkmagy bilip, görüp,
gahar edip gahar etseň,
halamazlar diýseň ogry,
ýarag edip kanunlary,
satyn alnan kazylary,
güýç ediner güýç gullugyn,
ertekiçi metbugaty,
žurnalisti, şahyrlary,
bagşylary, köşge gurban,
toplap sürüp, söweşerler,
hakyň bolsa, soramasaň,
ýazylan ýa ýazylmadyk,
ynsap edip, aýtmaz olar,
goramasaň gözel ömrüň,
talan aç bor, eli uzan
has kän islär, özi bilip,
besdir diýip gaýtmaz olar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026