Surat

Bu oýun däl

Halk özüni goramasa,
öwrenmese goranmagy,
okap görüp kanunlary,
düşünse ýa düşünmese,
soramasa düşünmedik
ýerlerini gypynç etmän,
düşünenin talap edip,
goramasa bir-birini,
dogan-gardaş, ýat, keseki,
kemsitmeden, eden-etdi,
giden-gitdi bilen oýnap,
kysmat diýip, kaýyl bolup,
Alla goýup ähli işi,
agyr bolsa, gorksa gözi,
ýa günäli, bolman ýüzi,
gurban berse özün millet,
gurban berse bir-biregi,
agzyndaky aşy alnyp,
ýüzüginiň gaşy alnyp,
düşünmedik bolup çyna,
ogurladar gözel ömrün,
ogurladar çagalaryn,
gelejegin gorap bilmän,
bu oýun däl, aglaň, gülmäň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026