Surat

Ýerde galmajak söz

Milletiňi, entedilen,
gyrlan, urlan ýüzlerçe ýyl,
gözi gorkan, ýüzi gorkan,
dili gysga, eli gysga,
sylaman hem bilersiň sen,
emel ýetse iki günlük,
kürsiň gaty ýumşak bolsa,
görülmedik döwlet gelse,
injik gerek, götermek kyn,
üstesine gep berýän kän,
gop berýän kän goltugyňdan,
gowy görüp, ýa tersine,
oýnaýan kän nepi üçin,
gowy diýme her ýakynyň,
dogan-gardaş, daýy-ýegen,
dolananlar, çykanlaryň
biri bolar aýak köwen,
biri bolar ýykanlaryň,
ýa ýykjagyň tarapynda,
bu zatlary seň özüňem
bilýänsiň-le Aman, Esen,
düşünýänsiň kim ol Hasan,
ýa Hüseýin, ýa-da Söýün,
seret yza, Abbasidler,
ýa soňkular näme boldy,
pikir etme, goja dünýä
maňa ýa-da saňa galdy!..

Men bu sözi akyl satyp,
ýa göz üçin aýtmaýaryn,
galgadamok elim kimsä,
gataldamok sesimi-de,
ýöne bilýän okap bilýän,
ýa düşünýän gerek söze,
zerur söze, aýdylmaly,
gijä galman, öz wagtynda,
alar ony, ýerde goýmaz,
garyp ili, wah, talanan,
sylaman hem bilersiň sen,
ýöne eger sylap bilseň,
ýa düşünseň wezipäňe,
ýitirmersiň özüň beýle,
ýok bolmarsyň meslik bilen,
pespällige gelersiň sen!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026