Basgylama!
Basgylama il-ulusyň,
basgylama din-imanyň,
hajy bolan bolup, gülüp,
basgylama kanunlary,
ýazylan hem ýazylmadyk,
eliň goýup kitaplara,
sözün berip erkek kişiň,
bu oýun däl, bolma telper,
görnüp durka, bilinýärkä,
gorkaňokmy, edýän işiň,
gözüň ýumýan jenaýatyň
sanardan kän, egri, gyşyk
çekýär seni aşak üýşüp,
göreňokmy gara gorpy,
ýa bu dälmi hiç alada,
heý, beýle-de lider bormy,
ýa bolarmy beýle adam?
Ýa sen bizden, il-ulusdan,
ýa beýleki liderlerden
üýtgeşikmi, ýüreklimi,
ýa tersine, ýüreksizmi,
iliň edýän nalyşlaryn,
gargyşlaryn bilmeýärmiň,
ýa gulagyň dykdylarmy,
diwardamy gözüň diňe,
dört tarapyň baglan, açyk
gapy diýme gülme ile,
gün görýärmiň diňe gaçyp?
Bäş adamly ýurtda ýaşap,
görünýärkä, bilinýärkä,
tanalýarka hemme adam,
öý-işikde, gapy ýapyp,
ýapyp demir derwezäni,
gürrüň edip bilýärkä il,
ynanýarka bir-birine,
KGB-den bez bolsa-da,
pikirlenmän bilmeýärkä,
şu gününi, gelejegin
gaýgy edip, dymsa-da kän,
basgylama iliňi sen,
sözi ýumşak diýme onuň,
satdym diýip iki gün gaz,
ýüzi ýumşak diýme onuň,
aýaklaryň aýa biraz!
Aýa biraz elleriňi,
gerek olar özüňe seň,
salgap ýörme hemme ýere,
ýumruk salma bilinýärkä
urlan, sürlen sibirlere,
ýa-da ýiten türmelerde,
berilmedik jesetleri,
adam bardyr, bardyr hossar,
bolma asy kepine sen,
hiç atadan bolmaz haraý,
hiç eneden bolmaz peýda,
peýda bolmaz doganlardan,
peýda bolmaz ýegenlerden,
adamlaryň gözi barka,
gulaklary barka heniz,
huşu barka il-ulusyň,
dogulýarka çagajyklar,
üýtgeýärkä döwür, zaman,
düşünýärkäň hasap näme,
sorag näme, berlip biljek,
gutarmasa iliň nesli,
basgylama halkyňy sen,
ýa-da şeýle agyr, mesmi?
Begenme sen içenlere,
çekenlere gülme tozup,
görýärsiň-ä otuz ýylda
hemme adam uçdantutma
ýykylmady, tükenmedi,
ýitirse-de ýakynlaryn,
çekdi millet keşigini,
saklananlar boldy ilde,
synlap otyr her ädimiň,
her bir sözüň ýazyp otyr,
basgylama il-ulusyň,
basgylama çagalary,
aç ulalýan, görýän seniň
töweregiň näme edýär,
eneleri, gör, nä günde,
garrylary, gör, nä günde,
basgylama gojalary,
ak sakgally, ak gyňaçly
ejeleri basgylama,
köpi geçip, azy galan,
el çarpdyryp galat söze,
tans etdirip ýaş gyzlary,
basgylama mertebesin,
basgylama maýyplary,
basgylama däp-dessury,
basgylama kitaby sen,
Pyragydan galan miras,
eliň goýup, kasam edip,
basgylama kanuny sen,
basgylama, gorkaňokmy,
ýa-da gorkup çykdyň ýoldan,
basgylama özüňi sen,
çagalaryň basgylama,
senden soňra galjak ile,
wagtyň geçýär, bil baglama,
halas etmez hiç bir hile!