Surat

Açyk asman ertekisi

Ýeri, açyk bolanda nä asmanyň,
sen astynda ýaşamasaň erkana,
çöregiňi tapman, gitseň ýat ile,
çagalaryň gözi ýolda, gün sanap,
aýy sanap, ýyly sanap garaşsa,
sen aglasaň gizläp gözýaşyň daşda...

Ýeri, asman bolanda nä asuda,
ýesir bolsaň ýurt içinde, tussag dek,
arzuw edip gije-gündiz gaçmagy,
gidip, gelip adam ýaly, çekinmän,
para bermän birlerine çykaňda,
ýa gireňde, göz-görtele talanman,
mertebeli ýaşamasaň birje ýyl,
kemsidilmän dogduk ýerde, Watanda,
gözüňde nur, bir begenjiň galmasa,
ýeri, açyk bolanda nä asmanyň,
ezijiniň bir gün ýüzi solmasa...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026